Sepleriň elýeterliligi

Ýokary bilim – ýaşlar üçin uly alada


Türkmen häkimiýetleriniň maglumatyna görä, her ýyl ýurduň orta mekdeplerini 110 müň çemesi oglan-gyz tamamlaýar.

Türkmen häkimiýetleriniň maglumatyna görä, her ýyl ýurduň orta mekdeplerini 110 müň çemesi oglan-gyz tamamlaýar.

Anna güni, 25- nji maýda Türkmenistanyň ähli orta mekdeplerinde soňky jaň dabarasy boldy.

Bu waka mynasybetli Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň eden gutlag ýüzlenmesinde: “Biziň geljegimiz bolan ýaşlar üçin olaryň üstünliklere eýe bolmagy, azat we bagtly ýaşamagy, häzirki zaman bilimine eýe bolmagy, döredijilikli we ruhubelent ýaşamagy üçin ähli zerur şertleri biziň döwletimiz döretdi hem döredýär” diýilýär.

Türkmen häkimiýetleriniň maglumatyna görä, her ýyl ýurduň orta mekdeplerini 110 müň çemesi oglan-gyz tamamlaýar. Indi mekdebi tamamlan ýaşlaryň , olaryň hossarlarynyň öňünde okuwy nirede, haýsy ýokary okuw jaýynda dowam etdirmeli diýen mesele keserip dur.

Häzir Türkmenistanda 25 sany ýokary okuw jaýy bolup, olarda ýaşlaryň jemi 30 müň çemesi okaýar. Şol ýokary mekdepler okuwy dowam etdirmek isleýän ýaşlaryň islegini kanagatlandyryp bilermi? Ýaşlaryň daşary ýurtlara gidip okamagyna nähili şertler bar? Ýokary bilim bilen bagly häkimiýetleriň öňünde çözmeli neneňsi meseleler dur?

Şu temadan geçirilen Tegelek Stol gepleşigini diňlemek üçin, şu ýere basyň:

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG