Sepleriň elýeterliligi

Türkmen şahyry ordene mynasyp boldy


Şahyr Ak Welsapara Orsýet Ýazyjylar birleşiginiň Sergeý Ýesenin adyndaky “Altyn güýz” ordeniniň gowşurylyş pursady. Moskwa, 15-nji maý, 2012.

Şahyr Ak Welsapara Orsýet Ýazyjylar birleşiginiň Sergeý Ýesenin adyndaky “Altyn güýz” ordeniniň gowşurylyş pursady. Moskwa, 15-nji maý, 2012.

Şwesiýada ýaşaýan türkmen ýazyjysy we şahyry Ak Welsapar Orsýet Ýazyjylar birleşiginiň Sergeý Ýesenin adyndaky “Altyn güýz” ordeni bilen sylaglandy.

Ak Welsapar bu baýraga rus dilinde neşir edilen “Somneniý weçnyh bol” (“Ebedi gümanyň derdi”) atly goşgular kitaby üçin mynasyp boldy.

Şwesiýada hereket edýän “Gün” neşirýatynyň beren habaryna görä, 15-nji maýda Russiýa Federasiýasynyň paýtagty Moskwada ol baýragyň gowşurylyş dabarasy bolupdyr.

Ak Welsapar

Ak Welsapar

​Dabarany geçiren Orsýet Ýazyjylar birleşiginiň Moskwa guramasynyň başlygy, belli rus şahyry Wladimir Boýarinow Ak Welsaparyň häzirkizaman şygyr sungatynyň mynasyp wekilidigini, türkmen şahyrynyň döredijiliginiň rus edebiýatyna we rus poeziýasyna gös-göni dahylynyň bolmagynyň rus okyjylary hem edebiýatçylary üçin örän ýakymly hem guwandyryjydygyny nygtapdyr.

Baýraga mynasyp bolan bu kitaby Orsýetiň demirgazygyndaky Wologda şäherinde ýaşaýan şahyr hem terjimeçi Wladimir Kudrýawsew rus diline terjime edipdi. Bu kitapda şahyr Ak Welsaparyň dürli döwürde döreden 150 çemesi ownukly-irili goşgusy bar.

Kitabyň terjimeçisi Wladimir Kudrýawsew: “Bu baýrak biziň beýik milli şahyrymyz Sergeý Aleksandrowiç Ýeseniniň adyny göterýär. Ony almak diňe bir rus adamyna däl, islendik şahyr üçin uly hormat diýip hasaplaýan. Sebäbi, Ýesenin şahyr hem ynsan hökmünde rus bolsa-da, hemmeleri özüne çekiji, dünýä derejesindäki şahyr. Şonuň üçinem, onuň adyndaky baýragy – hakyky şahyr adamyň baýragy diýip men hasap edýärin” diýip, bu baýragyň ähmiýetine baha berdi.
XS
SM
MD
LG