Sepleriň elýeterliligi

Finlýandiýadaky ýaragly hüjümde iki sany ýetginjek öldi


Şenbe güni Finlýandiýanyň polisiýasy ýurduň günortasyndaky Hywinkaa şäherinde bir ýerli raýatyň atan okundan iki adamyň ölüp, birnäçe adamyň ýaralanandygyny habar berdi.

Bu hüjümde güman edilip, 18 ýaşly bir ýaş oglan tussag edildi.

Polisiýa bu hüjüme nämäniň sebäp bolandygy barada häzirlikçe hiç bir garaýşy öňe sürmeýär.

Maglumata görä, atylan okdan 18 ýaşly bir gyz bilen 18 ýaşly bir oglan ölüpdir.
XS
SM
MD
LG