Sepleriň elýeterliligi

Müsür: ikilenji tapgyr saýlawlara çykjaklar belli boldy


Müsüriň “Musulman doganlygy” atly partiýanyň resmileri şu geçen hepdäniň çarşenbe we penşenbe günleri geçirilen prezidentlik saýlawlarynyň deslapky görkezijileriniň özleri üçin oňyn netijäni görkezýändigini aýdýarlar.

Olaryň aýtmaklaryna görä, häzirki deslapky netijeler bu dini partiýanyň wekili Muhammad Mürsi bilen ýurduň ozalky premýer-ministri Ahmed Şafikiň öňde barýandygyny görkezýär.

Olaryň pikiriçe, hut şu iki dalaşgär hem ikilenji tapgyr prezidentlik saýlawlarynda özara bäsleşmeli bolarlar.

“Musulman doganlygy” partiýasynyň resmileri bu saýlawlara gatnaşan beýleki partiýalaryň wekillerini Müsüriň geljekki hökümetini düzmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin özara maslahata çagyrdylar.
XS
SM
MD
LG