Sepleriň elýeterliligi

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Kawkaz ýurtlaryna sapar etmekçi


Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Hillari Klinton Ýewropa ýurtlaryna we Türkiýä planlaşdyrýan sekiz günlük saparynyň dowamynda Kawkaz ýurtlaryna-da sapar etjekdigini mälim etdi.

Döwlet departamentiniň resmi maglumatyna görä, 31-nji maýda başlanjak bu saparyň barşynda Hillari Klinton käbir Demirgazyk Ýewropa ýurtlary bilen birlikde, Kawkaz regionyndaky Ermenistana, Azerbaýjana we Gürjüstana-da sapar eder.

Bu baradaky maglumatda, hanym Klintonyň bu Kawkaz ýurtlarynda döwlet resmilerinden daşary, bu ýurtlaryň graždan jemgyýetine degişli toparlaryň liderleri bilen-de duşuşjakdygy habar berilýär.
XS
SM
MD
LG