Sepleriň elýeterliligi

Medwedew “Ýedinaýa Rossiýa” partiýasynyň liderligine tassyklandy


Şenbe güni Orsýetiň dolandyryjy “Ýedinaýa Rossiýa” partiýasy öz gurultaýynda ýurduň täze saýlanan premýer-ministri Dmitriý Medwedewi bu partiýanyň lideri wezipesine tassyklady.

Partiýanyň liderlik wezipesine Dmitriý Medwedewden başga kandidatura hödürlenmedi. Dmitriý Medwedewiň özi resmi ýagdaýda bu partiýa bary-ýogy dört gün mundan ozal agza boldy.

Mundan ozal bu partiýa 2007-nji ýyldan bäri ýurduň ozalky premýer-ministri Wladimir Putin ýolbaşçylyk edip gelipdi.
XS
SM
MD
LG