Sepleriň elýeterliligi

Siriýada 90-dan gowrak adamyň öldürilendigi aýdylýar


Siriýanyň aktiwistleri soňky 24 sagadyň dowamynda bu ýurduň Homs prowinsiýasyndaky Houla şäherinde 90-dan gowrak adamyň öldürilendigini habar berdiler.

Aktiwistler bu adamlaryň hökümet güýçleriniň atan artilleriýa oklaryndan ölendiklerini aýdýarlar.

“YouTube” internet saýtynda aktiwistleriň ýerleşdiren wideo ýazgysynda bu öldürilen adamlaryň arasynda köpsanly çagalaryň-da bardygyny görmek bolýar.

Ýöne bu maglumatlar barada garaşsyz çeşmelerden häzirlikçe anyk tassyklama alynmady.
XS
SM
MD
LG