Sepleriň elýeterliligi

Baku: aýdym-saz festiwalynyň fonundaky nägilelikler


Bakuda halkara “Ýewrowideniýe” aýdym-saz festiwalynyň ýarym final bäsleşiginiň geçýän pursady. Baku, 24-nji maý, 2012.

Bakuda halkara “Ýewrowideniýe” aýdym-saz festiwalynyň ýarym final bäsleşiginiň geçýän pursady. Baku, 24-nji maý, 2012.

Şenbe güni agşamlyk Azerbaýjanyň paýtagty Bakuda halkara “Ýewrowideniýe” aýdym-saz festiwalynyň final bäsleşigi geçirilýär.

Festiwalyň final tapgyrynda dünýäniň 26 ýurdundan aýdym-saz topary özara bäsleşýär. Bu bäsleşige tutuş dünýä boýunça 100 million töweregi tomaşaçy telewideniýe arkaly tomaşa eder diýlip garaşylýar.

Bäsleşigiň ýeňijileri, adat bolşy ýaly, dürli ýurtlardaky tomaşaçylaryň SMS arkaly berjek seslerine görä kesgitleniler.

Azerbaýjanyň awtoritar hökümeti bu “Ýewrowideniýe” festiwalyny nebite baý bu ýurdy dünýä jemgyýetçiligine häzirkzaman medeniýetli we gülläp ösýän bir ýurt hökmünde görkezmek üçin ulanmaklygy maksat edinipdi.

Hut şeýle maksat bilenem, ýurduň hökümeti bu halkara aýdym-saz festiwalynyň öňýany paýtagt Bakuwy abadanlaşdyrmak çärelerine millionlarça dollar serişde sarp etdi.

Oppozisiýa nägile

Şol bir wagtyň özünde-de, häzirki final bäsleşigiň öňýany, anna güni Azerbaýjanyň polisiýasy Bakuda gurnalan protest demonstrasiýasynda protestçileriň onlarçasyny tussag etdi.

Azerbaýjanyň oppozision Halk Fronty partiýasynyň lideri Ali Kerimli ýurduň häkimiýetleriniň raýatlaryň hukuklaryny gowulandyrmak ugrunda hiç hili alada etmeýändiklerini aýdyp, bu ýagdaýy tankyt etdi.

Ol: “Azerbaýjanyň häkimiýetleri häzirki mümkinçiligi Azerbaýjanda reformalaryň geçirilýändigini dünýä görkezmek üçin hem ulanyp bilerdiler. Emma, gynansak-da, bu beýle bolmady” diýdi.

Ynsan hukuklaryny goraýjy guramalar öz hasabatlarynda Azerbaýjany postsowet ýurtlarynyň hatarynda ynsan hukuklary boýunça iň bir ýaramaz görkezijileri görkezýän ýurtlaryň hatarynda goýup gelýärler.
XS
SM
MD
LG