Sepleriň elýeterliligi

Hosni Mubäregiň egindeşine ýedi ýyl tussaglyk berildi


Ýekşenbe güni Müsüriň resmi habar agentligi ýurduň ozalky awtoritar lideri Hosni Mubäregiň ozalky ýakyn egindeşlerinden biri Zakariýa Azminiň korrupsiýada aýyplanyp, ýedi ýyl türme tussaglygyna höküm edilendigini habar berdi.

Maglumata görä, sud ony bikanun ýollar arkaly 7 million dollar serişdäni öz adyna geçirenlikde günäli tapypdyr. Habar agentliginiň maglumatynda Zakariýa Azmä 6 million dollar jerime salnandygy-da habar berilýär.

Zakariýa Azmi Hosni Mubäregiň döwründe prezidentiň iş dolandyryjysy bolup işläpdi. 2-nji iýunda Müsüriň sudy Hosni Mubäregiň özüne garşy bildirilýän aýyplamalar boýunça-da höküm çykarar diýlip garaşylýar.
XS
SM
MD
LG