Sepleriň elýeterliligi

Bahreýn: sekiz sany şaýy raýaty tussaglyga höküm edildi


Ýekşenbe güni Bahreýniň sudy Eýranyň gizlin agentleri bilen hyzmatdaşlyk edenlikde we ýurduň patyşalyk dolandyryşyny agdarmaklyga synanyşanlykda aýyplap, şaýy mezhebine degişli sekiz raýaty türme tussaglygyna höküm etdi.

Aýyplanýanlaryň aklawçysy Mohsin al-Alawi bu raýatlardan altysyna 15 ýyl türme tussaglygynyň berlendigini mälim etdi.

Onuň aýtmagyna görä, aýyplanýanlardan üçüsine gaýybana ýagdaýda türme tussaglygy berlipdir.

Bahreýniň sülçüleri ýurduň oppozision aktiwistlerine Eýran tarapyndan ýardam berilýändigini öňe sürüp gelýärler.
XS
SM
MD
LG