Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Owganystanda NATO-nyň hüjüminde 8 adamyň ölendigi aýdylýar


Owganystanyň ýerli resmileri şenbe güni giçlik Paktiýa welaýatynyň Suri Hail obasynda NATO güýçleriniň geçiren howa hüjüminde tutuş bir maşgaladan 8 adamyň ölendigini mälim etdiler.

Paktiýa welaýatynyň Gurda Sariýa etrabynyň resmileri NATO-nyň bu hüjüminde bir maşgaladaky alty çagynyň we olaryň ene-atasynyň ölendigini aýdýarlar.

Bu regiondaky NATO-nyň resmileri bu ýüze çykan waka barada özlerine-de maglumatyň gowşandygyny we bu waka boýunça derňew işleriniň alnyp barylýandygyny mälim etdiler.

NATO güýçleriniň hüjümlerinde parahat ýaşaýjylaryň ölmegine owgan hökümeti yzygiderli gahar-gazap bildirip gelýär.
XS
SM
MD
LG