Sepleriň elýeterliligi

Siriýanyň hökümeti 92 adamyň ölümine dahylly däldigini aýdýar


Ýekşenbe güni Siriýanyň hökümeti anna güni Homs prowinsiýasynda 92 adamyň ölümine getiren hüjüme hökümet güýçleriniň dahylly däldigini aýdyp, beýanat ýaýratdy.

Siriýanyň daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Jihad al-Makdissi bu hüjümleriň terrorçy toparlar tarapyndan amala aşyrylandygyny öňe sürdi we bu waka boýunça hökümetiň ýörite derňew geçirjekdigini aýtdy.

Anna güni Homs prowinsiýasynyň Houla şäherinde amala aşyrylan bu ýaragly hüjümlerde ölen 92 adamdan 32-siniň çagalardygy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG