Sepleriň elýeterliligi

Astrahan oblastynda Türkmenistanyň medeni günleri geçirilýär


Şenbe güni Orsýetiň Astrahan oblastynda geçirilýän Türkmenistanyň medeni günleriniň çäklerinde ýörite serginiň açylyş dabarasy boldy.

Astrahan şäheriniň ülkäni öwreniş muzeýinde açylan bu sergide Türkmenistanyň Milli muzeýinden eksponatlar we foto-sergi ýerleşdirildi.

Şenbe güni Türkmenistanyň medeni günleriniň çäklerinde Astrahan şäherinde Türkmen döwlet gurjak teatrynyň ýöriti spektakly, “Şükür bagşy” kinofilmi we “Türkmen halysy” atly dokumental film hem görkezildi.

Ýekşenbe güni Türkmenistanyň döredijilik kollektiwi Astrahan oblastynda türkmen diasporasynyň iň köp jemlenen ýeri bolan Priwolžýe raýonynda-da medeni programmalar bilen çykyş eder.
XS
SM
MD
LG