Sepleriň elýeterliligi

Siriýanyň hökümeti özüniň günäsizdigini aýdýar


BMG-niň gözegçiler toparynyň başlygy general Robert Mud gözegçileriň Houla şäherine girendiklerini we ol ýerde hakykatadanam 92 adamyň öldürilendigine göz ýetirendiklerini aýtdy.

BMG-niň gözegçiler toparynyň başlygy general Robert Mud gözegçileriň Houla şäherine girendiklerini we ol ýerde hakykatadanam 92 adamyň öldürilendigine göz ýetirendiklerini aýtdy.

Ýekşenbe güni Siriýanyň hökümeti anna güni Homs prowinsiýasynda 92 adamyň ölümine getiren hüjüme hökümet güýçleriniň dahylly däldigini aýdyp, beýanat etdi.

Siriýanyň daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Jihad al-Makdissi ýekşenbe güni Damaskda eden çykyşynda anna günki we şenbe günki hüjümleriň terrorçy toparlar tarapyndan amala aşyrylandygyny öňe sürdi.

Ol bu wakalary düýpli derňemek üçin Siriýanyň hökümetiniň harbylardan we deputatlardan ybarat ýörite komissiýa düzýändigini aýtdy.

Harbylaryň hüjümi dowam edýär

Homs prowinsiýasynyň Houla şäherinde bolan bu wakanyň halkara jemgyýetçiligi tarapyndan berk ýazgyrylandygyna garamazdan, Siriýanyň harby güýçleri ýurduň dürli künjeklerinde oppozisiýanyň hökümete garşy çykyş edýän ýerlerini oka tutmaklaryny dowam etdirdiler.

Ýekşenbe güni irden Siriýanyň Yrak bilen serhetleşýän raýonlarynda hökümet güýçleriniň oppozision söweşijiler bilen çaknyşmaklarynyň yzýany, Yragyň harby güýçleri serhet ýakadaky howpsuzlyk çärelerini has-da güýçlendirdiler.

Anna we şenbe günleri Homs prowinsiýasyndaky Houla şäherinde parahat ýaşaýjylara garşy edilen hüjümleriň yzýany BMG-niň gözegçileri bu şähere girjek bolanlarynda, olaryň öňüne hökümet güýçleri böwet boldy.

32 çaga pida boldy

Birleşen Milletler Guramasynyň Siriýadaky gözegçiler toparynyň başlygy general Robert Mud birneme giçlik gözegçileriň bu şähere girendiklerini we ol ýerde hakykatadanam 92 adamyň öldürilendigine göz ýetirendiklerini aýtdy.

Synçylaryň maglumatyna salgylanyp, Robert Mudyň aýtmagyna görä, bu öldürilenlerden 32-si çagalar.

BMG-niň we Arap Ligasynyň Siriýa boýunça ýörite wekili Kofi Annan bu soňky bolan uly ýitgili waka bilen baglanyşykly ýagdaýlary ara alyp maslahatlaşmak üçin duşenbe güni Siriýa barmaklygy planlaşdyrýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG