Sepleriň elýeterliligi

Houladaky gyrgynçylykdan soň diplomatlaryň talaplary güýçlenýär


BMG-niň we Arap Ligasynyň Siriýa boýunça ýörite wekili Kofi Annan Siriýanyň ýokary derejeli resmileri bilen gepleşik geçirmek üçin Damaska sapar edýär.

Mundan bir gün öň, BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi Houla şäherinde azyndan 108 adamyň ölümine sebäp bolan gyrgynçylykda Siriýanyň režimini günäkärläp çykyş etdi.

Hepdäniň sişenbe güni Kofi Annanyň Siriýanyň prezidenti Başar al-Assad bilen duşuşmagygyna garaşylýar.

Şol bir wagtyň özünde, duşenbe güni Britaniýanyň daşary işler ministri William Hague Moskwa sapar edip, Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen duşuşdy we Siriýa meselesini ara alyp maslahatlaşdy. Olar Siriýadaky parahat ilatyň ýaşaýan şäherlerinden agyr ýaraglaryny çykarmaklaryny talap edip, Siriýanyň hökümetine basyş etmekligi güýçlendirmek barada ylalaşdylar.

Sergeý Lawrow Siriýa hökümetiniň BMG-niň we Arap Ligasynyň wekili Kofi Annanyň alty punktdan ybarat parahatçylyk planyny ýerine ýetirmekliginiň örän möhümdigini belledi.
XS
SM
MD
LG