Sepleriň elýeterliligi

Müsürde prezidentlige kandidatlar arz etdiler


Müsürliler geçen hepde geçirilen prezident saýlawlarynyň resmi netijelerine garaşýarlar.

Saýlawlaryň deslapky näresmi netijelerine görä, “Musulman Doganlygynyň” kandidaty Mohammed Morsi hem-de wezipesinden agdarylan Hosni Mubaregiň hökümetinde işlän iň soňky premýer-ministr Ahmed Şafik öňe saýlanypdyrlar.

Öňe saýlanan iki kandidat 16-17-nji iýunda prezidentlik saýlawlarynyň ikinji tapgyrynda bäsleşerler.

Çepçi “Al-Karamah” partiýasynyň kandidaty Hamdin Sabbahi bilen bir hatarda Morsi we Şafik 23-24-njy maýda geçirilen saýlawlarda bidüzgünçilikleriň bolandygy barada eýýäm saýlaw komissiýasyna arza berdiler.

Saýlawlaryň ilkinji netijeleri duşenbe ýa-da sişenbe güni yglan ediler diýlip garaşylýar.
XS
SM
MD
LG