Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistanda pilotsyz howa hüjüminde ýedi söweşiji öldürildi


Pakistanyň razwedka gullugynyň resmileriniň aýtmaklaryna görä, ýurduň Owganystan bilen serhedine golaý ýaşaýan tire-taýpalar tarapyndan dolandyrylýan demirgazyk-günbatar regionynda ABŞ-nyň pilotsyz howa hüjüminde güman edilýän ýedi sany söweşiji öldürilipdir.

Öten agşam bäş sany raketanyň Demirgazyk Waziristandaky Mir Ali diýen ýerdäki ulaga we öýe hüjüm edendigini resmiler aýdýarlar. Bu region “Talybana” we “Al-Kaýda” degişli söweşijileriň iň gür ýerleşen ýeri hasaplanýar.

Bu waka Demirgazyk Waziristanda bir hepdeden az wagtyň dowamynda edilen dördünji hüjümdir. Bu region Owganystana birnäçe gezek hüjüm edenlikde günäkärlenen “Hakgany” söweşiji toparynyň hem jemlenen ýeri hasaplanýar.
XS
SM
MD
LG