Sepleriň elýeterliligi

Hindistanyň premýer-ministri Mýanmara sapar edýär


Duşenbe güni Hindistanyň premýer-ministri Mýanmara edýän taryhy saparynyň dowamynda bu ýurduň prezidenti bilen söwda we energiýa gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça gepleşikler geçirdi.

Manmohan Singh 1987-nji ýyldan bäri Mýanmara sapar eden ilkinji hindi premýeridir. Ony Mýanmaryň paýtagty Naypýidawda prezident Teýn Seýn garşy aldy.

Hepdäniň sişenbe güni Singh Mýanmaryň oppozisiýa lideri Aung San Su Çi bilen hem Ýangon şäherinde duşuşar.

Halkara jemgyýetçiliginiň Mýanmara garşy sanksiýalaryny gowşadyp başlany bäri Singh bu ýurda sapar eden birnäçe ýokary derejeli liderleriň soňkusydyr.

Hindistan Mýanmaryň gaz ýataklary boýunça iş geçirmekligi göz öňünde tutýar. Bu ýataklaryň aglabasy häzire çenli işlenmedik hasaplanýar.

Hindistanyň Mýanmar bilen 1,600 kilometr uzynlykda serhedi bar.
XS
SM
MD
LG