Sepleriň elýeterliligi

Tibetde iki sany butparaz monahy özlerini otlady


Tibete garşy Hytaýyň alyp barýan syýasatyna protest bildirip, Tibetiň paýtagty Lhasda iki sany monah özlerini otlady. Tibetde özüni otlamak ýaly waka şu ýylda birnäçe gezek bolupdy.

Azat Aziýa Radiosynyň duşenbe güni ýaýradan beýanatynda bu monahlaryň 27-nji maýda Lhasdaky butparazlaryň ybadathanasynyň öňünde özlerini otlandyklary aýdylýar.

Sinhua habar agentligi monahlaryň biriniň ýangyndan heläk bolandygyny habar berdi. Maglumata görä, polisiýa “dessine” ýangyny söndüripdir we Dargyýe atly beýleki monah halas bolupdyr.

Hytaýyň häkimiýetleriniň butparazçylyga garşy girizen çäklendirmelerine protest bildirilip we ruhy lider Dalaý Lamanyň bosgunlykdan dolanmagyna çagyryş edilip, 2011-nji ýylyň mart aýyndan bäri monahlaryň arasynda özlerine ot bermek wakasynyň azyndan 30 gezek bolandygy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG