Sepleriň elýeterliligi

Marokkada hökümete garşy onlarça müň adam protest edýär


Ýekşenbe güni onlarça müň protestçi Marokkanyň Kasablanka şäheriniň köçelerine çykdylar. Protestçiler ýurduň hökümetini söz beren reformalaryny ýerine ýetirmänlikde aýyplaýarlar.

Protesti gurnan kärdeşler arkalaşygynyň toparlary aýlyk haklarynyň we sosial ýagdaýlarynyň gowulandyrylmagyny talap edýärler.

Geçen ýyl Marokkanyň patyşasy Muhammad VI häkimiýetini çäklendirdi we “Arap bahary” protestlerinden howatyrlanyp, birnäçe reformalary geçirmeklige söz berdi.

Noýabr aýynda geçirilen saýlawlarda aram yslamçy “Adalat we ösüş” partiýasynyň ýolbaşçylygynda koalision hökümet döredildi. Bu hökümet ýurtda ýokary derejä galan işsizlige we sowatsyzlyga jogap edip, has giň sosial adalatlylyk ugrunda tagalla etmäge söz berdi.
XS
SM
MD
LG