Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň Belarusdaky, Özbegistandaky we Täjigistandaky ilçileri täzelendi


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň permany bilen Türkmenistanyň Belarusdaky ilçisi wezipesine Myrat Ýazberdiýew bellendi. Mundan ozal Belarusda we Litwa respublikasynda ilçi wezipesini ýerine ýetiren Ata Gündogdyýew başga işe geçýänligi sebäpli wezipesinden boşadyldy diýip, türkmen metbugaty ýazýar.

Maglumata görä, döwlet ýolbaşçysy Çynar Rüstemowy Türkmenistanyň Täjigistandaky ilçisi, Şiri Şiriýewi bolsa Türkmenistanyň Özbegistandaky ilçisi wezipelerine belläpdir.

Başga işe geçýänligi sebäpli Türkmenistanyň Özbegistandaky ozalky ilçisi Soltan Pirmuhammedowyň wezipesinden boşadylandygy habar berilýär. Ol bu wezipäni 1996-njy ýyldan bäri eýeläp gelýärdi.

Aýratyn perman bilen täze bellenen ilçilere Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçi diýen diplomatik dereje berildi.
XS
SM
MD
LG