Sepleriň elýeterliligi

Siriýa: Diplomatik basyş dowam edýär


BMG-niň gözegçileri Houla şäherinde bolan gyrgynçylykda öldürilenleriň jesetlerini barlaýarlar, 2012-nji ýylyň 26-njy maýy.

BMG-niň gözegçileri Houla şäherinde bolan gyrgynçylykda öldürilenleriň jesetlerini barlaýarlar, 2012-nji ýylyň 26-njy maýy.

Hepdäniň duşenbe güni BMG-niň we Arap Ligasynyň Siriýa boýunça wekili Kofi Annan Siriýanyň ýokary derejeli resmileri bilen gepleşmek üçin Damaska sapar etdi. Mundan bir gün öň BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi Siriýanyň režimini Houla şäherinde 108 adamy gyrmakda aýyplady.

Hepdäniň sişenbe güni Damaskda Kofi Annanyň Siriýanyň prezidenti Başar al-Assad bilen duşuşmagyna garaşylýar.

Şol bir wagtyň özünde-de Britaniýanyň daşary işler ministri Willýam Heýg Siriýadaky krizis barada Orsýetiň resmileri bilen maslahat geçirmek üçin Moskwa bardy. Resmi maglumatlara görä, Heýg BMG-niň parahatçylykly planyny ýerine ýetirmeýän Siriýanyň hökümetine basyş etmek üçin Orsýetiň goldawyny almak isleýär.

Houladaky heläkçilik

BMG-niň we Arap döwletleriniň Ligasynyň Siriýa boýunça wekili Kofi Annan Damaskda, 28-nji maý.

BMG-niň we Arap döwletleriniň Ligasynyň Siriýa boýunça wekili Kofi Annan Damaskda, 28-nji maý.

BMG-niň synçylarynyň hepdäniň ýekşenbe güni aýtmaklaryna görä, 25-nji maýda Houla şäherinde bolan gyrgynçylykda 49 çaga we 34 aýal heläk bolupdyr. Wepat bolanlaryň köpüsiniň artilleriýanyň we tanklaryň oky bilen atylyp öldürilenligi hem habar berildi we bu gyrgynçylygyň Siriýanyň hökümet goşunlarynyň gatnaşmagynda bolanlygy çak edildi.

BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi Damaskyň adyna tankydy rezolýusiýany kabul etmegi göz öňünde tutmadyk hem bolsa, bu gyrgynçylyk Howpsuzlyk Geňeşiniň Siriýanyň hökümeti babatynda has berk pozisiýa eýelemegine sebäp boldy.

BMG-niň Howpsuzyk Geňeşiniň hemişelik agzalary Orsýet we Hytaý guramanyň Siriýadaky zorlugyň jogapkärçiligini Assadyň režimine ýüklemek boýunça ozalky synanyşyklaryň öňüne böwet bolupdylar.

Bolan waka reaksiýa

Howpsuzlyk Geňeşiniň ýekşenbe günki beýannamasy Azerbaýjanyň BMG-däki ilçisi Tofig Musaýew tarapyndan köpçülige mälim edildi.

Musaýewiň aýtmagyna görä, Howpsuzlyk Geňeşiniň agzalary Homs regionynyň Houla şäherinde hökümete degişli artilleriýa goşunlarynyň gatnaşmagyndaky ok atyşyk zerarly onlarça erkekleriň, aýallaryň we çagalaryň öldürilmegini berk ýazgarýar.

Oppozisýanyň aktiwistleri bu gyrgynçylykda Assadyň tarapdary bolan “Şabbiha” toparyny aýypladylar.

Siriýanyň BMG-däki ilçisi Başar Jaafari hökümeti günäkärläp edilýän çykyşlaryň Damasky garalamak üçin edilýän synanyşykdygyny aýtdy we Damaskyň bu gyrgynçylykda “terroçylary” aýyplaýanlygyny belledi. Siriýanyň ilçisi Howpsuzlyk Geňeşiniň käbir agzalarynyň ýalňyşýanlygyny we olaryň nädogry pikir ýöredýänligini belledi.

Siriýanyň Daşary işler ministrliginiň wekili Jihal Al Makdesi Houlada oppozisiýanyň minomýotlar we tanklara garşy raketalar ýaly täze ýaraglary ulananlygyny we olaryň adamlaryň ölümine jogapkärdigini aýtdy.

Emma Germaniýanyň BMG-däki ilçisi Piter Wittig adam heläkçiliginde Siriýanyň hökümetiniň günäkärdigine şübhelenmeýänligini belledi.

Şol bir wagtyn özünde-de Siriýanyň oppozisiýasynyň “Hamanyň rewolýusion ýolbaşçylarynyň geňeşi” atly topary hepdäniň ýekşenbe gününden bäri Hama şäherinde azyndan 40 adamyň hökümet goşunlary tarapyndan atylyp öldürilenligini aýtdy. Bu maglumat entek garaşsyz çeşmeler tarapyndan tassyklanmady.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG