Sepleriň elýeterliligi

Türkmen kinorežissýory Ýazgeldi Seýidow 80 ýaşaýar


Türkmen kino sungatynyň ussady Ýazgeldi Seýidowyň medeni agşamynda onuň döredijilikdäki edermenligi bilen çäklenilmän, şahsy häsiýetlerine degişli sözler hem aýdyldy.

Türkmen kino sungatynyň ussady Ýazgeldi Seýidowyň medeni agşamynda onuň döredijilikdäki edermenligi bilen çäklenilmän, şahsy häsiýetlerine degişli sözler hem aýdyldy.

Türkmen kinorežissýory, 40-a golaý filmiň awtory Ýazgeldi Seýidow şu ýyl 80 ýaşaýar. Bu sene mynasybetli 25-nji maýda Moskwanyň Kino öýünde Seýidowyň medeni agşamy geçirildi.

“Türkmenistanyň Sungatda at gazanan işgäri”, Sowet Soýuzynyň döwlet baýragynyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky döwlet baýragynyň laureaty, şeýle-de ençeme halkara sylaglarynyň eýesi Ýazgeldi Seýidow onlarça filmiň režissýory we ondan gowrak filmiň senariçisidir.

Türkmen kino sungatynyň ussady Ýazgeldi Seýidowyň medeni agşamynda onuň döredijilikdäki edermenligi bilen çäklenilmän, şahsy häsiýetlerine degişli sözler hem aýdyldy. Ýazgeldi Seýidowy onuň Orsýetiň we Türkmenistanyň kino sungaty boýunça kärdeşleri we ýakyn hossarlary gutladylar.

Türkmen kinorežissýori Myrat Alyýew Seýidow ýaly başga “şeýle açyk we ýürekdeş adamy bilmeýänligini” aýtdy. Ýazgeldi Seýidowyň “Garagum reportažy” atly filminde baş roly ýerine ýetiren Myrat Alyýew özüniň režissýor hökmünde döreden her bir filminde Ýazgeldi Seýidowyň goşandynyň bardygyny aýtdy.

Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, kinorežissýor Eduard Rejebow
Ýazgeldi Seýidowyň Türkmenistanyň ähli künjeklerinde ýerli ilat tarapyndan mydama öz obadaşlary ýaly kabul edilenligini gürrüň berdi.

Seýidow Türkmenistanyň häkimiýetleri tarapyndan hem gutlandy. 25-nji maýda Moskwada geçirilen medeni agşamda Ýazgeldi Seýidowa Türkmenistanyň Moskwdaky ilçihanasy tarapyndan gutlag telegrammasy gowşuryldy.

Ýazgeldi Seýidow özüniň Türkmenistan tarapyndan unudylmanlygynyň döredijiligine kuwwat berýänligini aýtdy. 10-njy iýunda 80 ýaşaýan Ýazgeldi Seýidow ýene-de täze döredijilik planlarynyň bardygyny aýtdy.

Moskwada ýaşaýan Ýazgeldi Seýidowyň ýubileý agşamynda awtoryň 1988-nji ýylda döreden “Gadymy daglaryň rowaýaty” atly filmi görkezildi.
XS
SM
MD
LG