Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistanly lukmanyň maşgalasy suduň hökümini esassyz hasaplaýar


Lukman Şakeel Afridi, Pakistan, Hyber raýony, 23-nji maý, 2012
Lukman Şakeel Afridi, Pakistan, Hyber raýony, 23-nji maý, 2012
Osama bin Ladeni yzarlamakda ABŞ-nyň razwedka gullugyna ýardam bereni üçin aýyplanan pakistanly lukmanyň agasy Pakistanyň ýokary suduna ýüzlendi we doganynyň işi boýunça şikaýat etmäge suduň rugsat bermegine çagyryş etdi.

Duşenbe güni Jamil Afridi öz agasyna garşy suduň çykaran höküminiň esassyzdygyny žurnalistlere aýtdy. Lukman Şakeel Afridi gizlinlikde geçirilen taýpa sud diňlenişiginde dönüklikde aýyplandy we 33 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.

Onuň maşgalasy suduň höküminiň nusgasyny häkimiýetleriň bermeýänligi sebäpli, şikaýat etmek prosesiniň saklanýandygyny aýdýar.

Jamil Afridi, Pakistanda tussag edilen hirurg Şakil Afridiniň agasy, 28-nji maý, 2012
Jamil Afridi, Pakistanda tussag edilen hirurg Şakil Afridiniň agasy, 28-nji maý, 2012
“Olar hatda jeza baradaky hökümiň nusgalaryny hem bermeýärler. Biz anna gününden bäri synanyşyp gelýäris, emma syýasy wekiliň kömekçisi bize nusgalary bermeýär. Türmäniň resmileri bize onuň bilen duşuşmaga we onuň aklawçy bilen duşuşmagyna rugsat berýän dokumente gol çekmegine hem rugsat bermeýärler” diýip, Afridi aýdýar.

Jamil Afridi öz doganynyň günäsiniň ýokdugyny we oňa garşy çykarylan hökümiň “bikanundygyny” nygtaýar.

Lukmany gorap çykyş edýän aklawçy Raza Han Safi hökümiň nusgasyny görmändigini Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Pakistan gullugyna aýtdy: “33 ýyl kesilendigi baradaky maglumat metbugatda çykdy, ýöne olar hökümiň nusgasyny bermediler. Kanun boýunça nusga 24 sagadyň dowamynda berilmeli, ýöne olar bermeýärler, gaýtam bizi kabul etmekden hem saklanýarlar. Biz türmäniň baş inspektory bilen hem duşuşdyk, emma ol aklawçynyň dokumentlerine gol goýmaýar”.

Ozalky hirurg Afridi Pakistanyň Abbottabad şäherinde “Al-Kaýda” lideriniň ýaşaýan jaýynda onuň barlygyny anyklamak üçin ýalandan gurnalan sanjym programmasyna gatnaşypdyr. Şondan soň Bin Laden 2011-nji ýylyň maý aýynda ABŞ-nyň geçiren reýdi netijesinde öldürildi.

Lukman Afridä höküm çykarylanyndan soň, ABŞ-nyň Senatynyň pul goýberýän komiteti onuň her ýylyna bir million hasabynda Pakistana ABŞ-nyň kömegini 33 million dollar möçberinde azaltmak kararyna geldi.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Hillary Klinton höküme “adalatsyz we ynamsyz” diýip baha berdi. Klinton Afridiniň “dünýäniň iň gözlenýän terrorçylarynyň birini ele salmakda möhüm rol oýnandygyny” aýtdy.

Jamil Afridi agasyny türmede görmändigini we onuň ol ýerde nähili saklanýandygyndan bihabardygyny aýdýar.
XS
SM
MD
LG