Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbek okuwçylarynyň el telefonlaryny ulanmagy çäklendirilýär


Özbegistanyň orta mekdebinde okuwçy gyz mobil telefon arkaly gürleşýär, 27-nji maý, 2012-nji ýyl.
Özbegistanyň orta mekdebinde okuwçy gyz mobil telefon arkaly gürleşýär, 27-nji maý, 2012-nji ýyl.
Özbegistanyň mekdeplerinde, ýokary okuw jaýlarynda we kollejlerinde okuwçylara mobil telefonlardan peýdalanmaklyk resmi suratda çäklendirilýär. Bu baradaky karar maý aýynyň 21-inde kabul edildi diýip, Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugy habar berýär.

Kararda “Ýaş nesli özbekleriň baý intellektual mirasy esasynda Watana söýgi, milli we ählumumy adamzat gymmatlyklaryna hormat goýup hem olara wepalylyk ruhunda terbiýelemek üçin” şeýle çäklendirmeleriň girizilýändigi aýdylýar.

Bu karara laýyklykda, Özbegistanyň okuwçylary mekdeplere we beýleki okuw jaýlaryna giren halatlarynda, olar mobil telefonynyň sesini öçürmeli. Sapagyň öňüsyrasy bolsa jübi telefonyny doly öçürip, ony torbasyna salmaly.

Özbek kollejleriniň mugallymlarynyň biri Bahrom özbek häkimiýetleriniň Watana söýgi, ählumumy adamzat gymmatlyklary ýaly sözler bilen ýaşlaryň soňky tehnologiýalardan peýdalanmaklaryny çäklendirmegini öňlamaýar.

Bahrom: ”Jubi telefonlaryň okuwçylara, studentlere hem kollejiň talyplaryna hiç hili zyýany ýok” diýip, ýaşlaryň öz kynçylyklarynyň bardygyna garamazdan, mobil telefonlar arkaly ulanylýan internetiň studentleriň okuwy üçin zerurdygyny nygtady. Ol prezident Karimowyň özüniň “Interneti ýok edip bolmaz” diýip aýdandygyny hem ýatlap geçdi.

Özbegistanda 21-nji maýda kabul edilen karara laýyklykda, okuwçylara telefon arkaly zorlugy, rehimsizligi hem pornografiýany wagyz edýän wideoýazgylary hem suratlary görkezmeklik gadagan edilýar. Okuw wagty bolsa mobil telefonlar arkaly surata düşürmeklik ýa-da wideoýazgy etmeklik gadagan.

Şeýlelikde zorluk ýa-da wandalizm, ýagny abat zady bibat etmek bilen bagly wakalary surata düşürip ýa-da olary wideoýazga düşürip, okuw jaýynyň abraýyna zeper ýetirmeklik gadagan edilýär.

“YouTube” saýtyndaky wideolar

Germaniýada okuwyny dowam etdirýän özbek studenti Otabek bu çäklendirmeleri soňky döwürde “YouTube” internet saýtynda Özbegistanyň okary okuw jaýlarynda ýüze çykýan dürli wakalary görkezýän wideoýazgylaryň köp peýda bolmagy bilen baglanyşdyrýar. Ol şeýle wideoýazgylaryň Özbegistanyň abraýyna zeper ýetirip bilýändigini aýdýar.

Ol Germaniýa ýaly ýurtlarda şeýle çäklendirmeleriň ýokdugyny, bular ýaly ýagdaýlaryň diňe erkin bolmadyk jemgyýetlerde ýüze çykyp biljekdigini aýdýar.

Özbegistanda 21-nji maýda kabul edilen karara laýyklykda, jübi telefonlaryny kisede saklamaklyk ýa-da boýnuňdan asmaklyk hem doly gadagan edilýär. Elektrik towy gutaran telefonlara tow bermek üçin mekdebiň elektrik enjamlaryndan peýdalanmak-da gadagan edilýär.

Bu düzgünleri bozanlara garşy terbiýeçilik çäreleriniň görüljekdigi aýdylýar. Şol bir wagtda-da mugallymlara düzgüne boýun egmedik bozgaklaryň elinden jübi telefonlaryny almaga ygtyýar berilýär.

Özbek häkimiýetleri bu çäklendirmeleriň maksadyny “okuw-terbiýeçilik prosesiniň netijeli bolmagyny gazanmak üçin zerur şertleri döretmek islegi” bilen düşündirdiler.

Şeýle çäklendirmeler Merkezi Aziýa regionynda ilkinji gezek girizilmeýär. 2009-njy ýylda Täjigistanyň Bilim baradaky kanunynda hem el telefonlary bilen bagly edil şular ýaly çäklendirmeler peýda boldy.

Ýöne, ýerli synçylaryň Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugyna aýtmaklaryna görä, bu gadagançylyklar çäkli netije beripdir. Sebäbi, synçylaryň tassyklamagyna görä, ýaşlaryň köpüsi, kanuna garamazdan, mekdeplerde ýüze çykýan wakalary mobil telefonlaryna ýaşyryn ýazgy edip, internet saýtlaryna çykarmaklaryny dowam etdirýärler.
XS
SM
MD
LG