Sepleriň elýeterliligi

Orsýetiň premýer-ministri Medwedew Aşgabada barýar


Russiýa Federasiýasynyň hökümet başlygy Dmitriý Medwedew Türkmenistanyň paýtagtyna barýar. Ol 30-njy maýda GDA ýurtlarynyň hökümet başlyklarynyň Aşgabatda geçirilýän geňeşine gatnaşýar.

Türkmen metbugatynyň berýän maglumatyna görä, maslahatyň gün tertibinde ykdysadyýetiň dürli ugurlaryna degişli 20-ä golaý mesele durýar.

Duşuşykda innowasiýa boýunça hyzmatdaşlyk, energetika, gidrometeorologiýa, walýuta bazary, sosial we maliýe pudagy, şeýle hem bedenterbiýe we sport, harby syýasat ýaly ugurlar ara alnyp maslahatlaşylar.

Türkmenistan 2012-nji ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna başlyklyk edýär.
XS
SM
MD
LG