Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýanyň prezidenti Assad Damaskda Annany kabul edýär


Sişenbe güni Siriýanyň prezidenti Başar al-Assad BMG-niň we Arap Ligasynyň ýörite wekili Kofi Annan bilen Damaskda gepleşik geçirdi.

Duşuşyk Siriýadaky gandöküşiklik boýunça aladalaryň ýitileşmeginden soň gurnaldy. Bu duşuşykdan öň, 25-nji maýda Siriýanyň Houla obasynda aglabasy çagalardan we aýallardan ybarat azyndan 108 adam öldürildi.

Duşenbe güni eden çykyşynda Kofi Anan bu gyrgynçylygy “çuňňur yz galdyrjak aýlyganç ýagdaý” diýip atlandyrdy we günäkärleriň jogapkärçilige çekilmelidigini aýtdy.

BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi Houla obasynda Siriýanyň goşunynyň agyr artilleriýa ýaragyny ulanmagyny ýazgardy.

Şaýatlar we oppozisiýa käbir gandöküşikliklerde Assadyň režiminiň tarapdary bolan alawy söweşijilerini günäkärleýärler. Damask bolsa oppozisiýany günäkär hasaplaýar.
XS
SM
MD
LG