Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystanyň altyn käniniň işgärleri iş taşlaýyş gurnadylar


Gazagystanyň demirgazygyndaky Bestöbe şäherinde altyn käniniň 100-den gowrak işgäri iş taşlaýyş gurnady. Olar zähmet haklarynyň köpeldilmegini talap etdiler.

“GazakAltyn” kompaniýasynyň kärdeşler arkalaşygynyň başlygy Wenýamin Stepanowyň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, sişenbe güni iş taşlaýşy gurnaýjylar kompaniýanyň ýolbaşçylary we regionyň häkimiýetleri bilen Stepnogorsk şäherinde duşuşypdyrlar.

Duşuşygyň netijeleri barada Stepanowyň aýtmagyna görä, her şahtanyň inisiatiwa toparynyň agzalary we kompaniýanyň ýolbaşçylary 30-njy maýda duşuşarlar we zähmet haklaryny ara alyp maslahatlaşarlar.

Mundan ozal, şu aýyň dowamynda Gazagystanyň mis öndürýän “GazakMis” kompaniýasynyň hem işgärleri zähmet haklarynyň köpeldilmegini talap edip, protest geçirdiler we iki günden soň, ýolbaşçylar bilen geçirilen gepleşikleriň esasynda talaplarynyň ýerine ýetirilmegini gazandylar.
XS
SM
MD
LG