Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Su Çi 20 ýyldan soň ilkinji gezek daşary ýurda syýahat edýär


Mýanmarda demokratiýanyň tarapdary Aung San Su Çiniň 20 ýyldan gowrak wagtdan soň daşary ýurda syýahat etmegine garaşylýar.

Su Çi Mýanmaryň harby režimi tarapyndan 24 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda öý tussaglygynda saklandy.

Ol ilki bilen Taýlanda baryp, ol ýerde anna güni Dünýä ykdysady forumynda çykyş eder. Soňra ol Ýewropa syýahat etmegi planlaşdyrýar we 21 ýyl mundan ozal berlen Nobel baýragyny resmi taýdan kabul etmek üçin Norwegiýa barar.

Mýanmaryň harbylary tarapyndan ýurduna dolanmakdan mahrum edilmeginden howatyrlanyp, Su Çi şu wagta çenli Mýanmary terk etmekden ýüz öwrüp geldi.

Mýanmarda 18 aý mundan ozal geçirilen saýlawlardan soň täze hökümetiň döredilmegi bilen, bu ýurt soňky aýlarda halkara izolýasiýasyndan saplanýar.
XS
SM
MD
LG