Sepleriň elýeterliligi

Şafigiň ştabyny otladylar


Protestler Ahmet Şafigiň prezidentlik saýlawlarynyň ikinji tapgyryna geçenliginiň yglan edilmeginiň yz ýany başlandy, Kair, 28-nji maý.

Protestler Ahmet Şafigiň prezidentlik saýlawlarynyň ikinji tapgyryna geçenliginiň yglan edilmeginiň yz ýany başlandy, Kair, 28-nji maý.

Müsürde prezidentlik saýlawlarynyň birinji tapgyrynyň netijeleri yglan edildi. Saýlawlaryň ikinji tapgyryna ýurduň öňki premýer-ministri Ahmet Şafik we “Musulman doganlary” atly hereketiň wekili Muhammet Morsi çykdylar.

28-nji maýda Kairde Müsüriň prezidenti wezipesine dalaşgär Ahmet Şafigiň ştabyny oda beren protestçileriň jaýy başda dörüp-dökendikleri habar berilýär.

Ot tiz söndürildi we hiç kim ýaralanmady. Bu wakanyň yz ýany Ahmet Şafigiň tarapdarlary jemlenip, öz dalaşgärlerine goldaw bildirdiler.

Ahmet Şafigiň prezidentlik kampaniýasyna gatnaşýan meýletinçileriň biri “Roýter” telewideniýesine beren interwýusynda ştaba “kellekeserler” tarapyndan hüjüm edilenligini aýtdy. Şafigiň bu tarapdary ştaba edilen hüjümiň sebäplerini bilmeýänligini aýtdy we bar zadyň ses berişligiň netijeri arkaly çözüljegine umyt bildirdi.

Şafige garşy protest

Bu hüjüm Müsürde prezidentlik saýlawlarynyň netijelerine garşy protestleriň başlanmagyndan soň amala aşyryldy. Protestler Ahmet Şafigiň prezidentlik saýlawlarynyň ikinji tapgyryna geçenliginiň yglan edilmeginiň yz ýany başlandy.

Habar berlişine görä, Kairiň merkezindäki Tahrir meýdançasynda ýüzlerçe adam jemlenipdir. Hut şu meýdançada 2011-nji ýylyň fewral aýynda geçirilen protest aksiýalarynda ýurduň ozalky prezidenti Hosni Mubaregiň wezipesinden çetleşdirilmegi talap edilipdi.

Ahmet Şafik Hosni Mubaregiň soňky premýer-ministri bolupdy. Müsüriň köp ýaşaýjylary Şafigiň döwlet baştutany saýlanmagy bilen Mubaregiň režiminiň gaýtadan dikeldilmeginden howatyrlanýarlar.


Hepdäniň duşenbe güni Müsüriň Merkezi saýlaw komissiýasy Ahmet Şafigiň saýlawlaryň ikinji tapgyrynda “Musulman doganlar” atly hereketden dalaşgär Muhammet Morsi bilen bäsdeş boljagyny yglan etdi. Saýlawlaryň ikinji tapgyry 16-17-nji iýunda geçiriler.

Saýlawlaryň birinji tapgyrynda Morsi sesleriň 24,3%-ini aldy, Şafik sesleriň 23,3%-ne eýe boldy.

Merkezi saýlaw komissiýasy ses berişligiň birinji tapgyryna Müsüriň ses bermäge hukukly 50 million ilatynyň 46%-iniň gatnaşanlygyny yglan etdi. Şeýle-de komissiýa saýlawlaryň ikinji tapgyryna geçmedik iki kandidatyň saýlawlaryň birinji tapgyrynyň galplaşdyrylanlygyny aýdyp, eden şikaýatlaryny ret etdi.

Müsürdäki ýagdaý halkara jemgyýetçiliginiň üns merkezinde. Germaniýanyň prezidenti Ýoahim Gauk 29-njy maýda eden çykyşynda Müsürdäki we tutuş regiondaky özgerişlikleriň has köp demokratiýa we adam hukuklaryna hormat goýulmagyna getirmelidigini belledi.
XS
SM
MD
LG