Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Guýy tragediýasy gazak şäherini aýaga galdyrdy


Protest çäresini gurnaýjylar häkimiň wezipesinden çekilmegini talap etdiler.
Protest çäresini gurnaýjylar häkimiň wezipesinden çekilmegini talap etdiler.

Gazagystanyň Temirtau şäherinde guýa gaçyp ölen çaga duşenbe güni jaýlandy. Munuň yzy bilen şäherde mitingler gurnalyp, häkimiýetler şäherdäki ähli guýulary ýapmaga çagyryldy. Ýurduň prokuraturasy çaganyň ölümi bilen bagly jenaýat işini gozgady.

Iki ýaşyndaky Ýegor Khmil 24-nji maý güni giçlik Gazagystanyň Temirtau şäherinde ejesi bilen gezelenje çykypdy. Birdenkä-de Ýegor şäheriň açyk guýularynyň biriniň içine gaçyp, kanalizasiýa turbalaryndan akyp gitdi. Ejesiniň ähli tagallasyna garamazdan, çagany halas edip bolmady. Diňe aradan üç gün geçenden soň Ýegoryň jesedi tapyldy.

Duşenbe güni ýerli ilatdan müňlerçe adam ellerine çaga jäjeklerini we gülleri alyp, Ýegory jaýlamaga ýygnandylar. Adamlaryň köpüsi, üsti ýapylmadyk – açyk duran guýularyň heläkçilige getirmeginiň mümkindigi barada duýdurylandygyna garamazdan, resmileriň bu ugurda ýeterlik çäre görmändigi üçin gahar-gazaplaryny bildirdi.

Ýegoryň uçran heläkçiliginiň öň ýany şäher häkimine açyk duran guýularyň meselesi barada sorag ýollanypdy. Häkim Nurken Sultanow guýularyň demir gapaklarynyň ýerli ýaşaýjylar tarapyndan ogurlanýandygyny, häkimiýetleriň hem täzelerini goýmakdan ýadandygyny aýdypdy. Sultanow şol wagt žurnalistelere ýüzlenip, bu meseläniň çözgüdini tapmagy olara teklip edipdi.

Ýegoryň jaýlanyşynda “Žas Otan” partiýasynyň ýaşlar ganaty metallalomy kabul edýän edaralaryň guýularyň demir gapaklaryny almagyna gadagançylyk girizmek üçin adamlaryň gollaryny toplamaga başlady. Bir sagadyň dowamynda bu çagyryşa Temirtauyň ýüzlerçe ýaşaýjysy öz gollaryny goýdular.

Kim günäkär?

Sesiniň efirde berilmezligini haýyş eden Ýegoryň garyndaşlarynyň biri: “Biz Ýegoryň ölümine ýerli häkimiýetleriň günäkär bolandygyny çaklaýarys. Biz olardan açyk guýulary ýapmaklaryny bir ýyldan hem gowrak wagt bäri sorap gelýärdik” diýdi.

Ýegoryň heläkçiliginden iki gün soň, Temirtau şäheriniň müňe golaý ýaşaýjylary “Sary lentalar” diýlip atlandyrylan protest ýörişine çykdylar. Adamlar sary lentalary dakynyp, şeýdip Ýegoryň maşgalasyna özleriniň duýgudaşlygyny bildirýärdiler.

Protest çäresini gurnaýjylar häkimiň wezipesinden çekilmegini talap edip, nobatdaky demonstrasiýanyň 1-nji iýunda, ýagny Çagalary goramagyň halkara gününe gabatlanyp geçiriljekdigini aýtdylar. Paýtagt Astanada hem goldaw çäreleriniň geçirilmegine garaşylýar.

Ýegoryň jesedi tapylandan soň, ýerli resmiler metbugat konferensiýasyny gurnap, jemgyýetçiligi sabyr-takatlylygy saklamaga çagyrdylar. Olar ediljek işleri anyk aýtmasalar-da, degişli çäreleriň görüljekdigini bellediler. Haçan-da resmiler “ene-atalaryň hem öz çaglaryna göz-gulak bolmalydyklaryny, olaryň hem jogapkärçiliginiň bardygyny” aýdanlarynda, bu goşmaça gahar-gazabyň döremegine sebäp boldy.

Duşenbe güni Temirtau şäheriniň prokuraturasy Ýegoryň ölümi bilen bagly jenaýat işiniň gozgalandygyny mälim etdi.
XS
SM
MD
LG