Sepleriň elýeterliligi

Täze duralgalardaky dükanlaryň köpüsi boş


Wideokamera gözegçiligi gurnalan bu duralgalarda tomsuna salkyn, gyşyna ýyly bolar ýaly split sistemasy oturdylan.

Wideokamera gözegçiligi gurnalan bu duralgalarda tomsuna salkyn, gyşyna ýyly bolar ýaly split sistemasy oturdylan.

Paýtagtyň Türkmenbaşy şaýolunyň we käbir beýleki merkezi köçeleriniň ugurlarynda mundan bir ýyl ozal gurlan ak reňkli awtobus duralgalary ýolagçylar üçin amatlylygy bilen beýleki ýüzlerçe awtobus duralgalaryndan tapawutlanýarlar.

Wideokamera gözegçiligi gurnalan bu duralgalarda tomsuna salkyn, gyşyna ýyly bolar ýaly split sistemasy oturdylan. Edil häzir işlemese-de, olaryň arasynda plazma telewizor goýlanlaram bar.

Şol duralgalarda ýolagçylar bilen bir hatarda dükan üçin niýetlenen aýratyn ýer hem bar. Şol dükanlaryň käbirlerinde gazet-žurnallar satylýar, emma olardan köpüsi entek boş dur. Ýagdaýa uzakdan syn edýän adamlaryň, “bu dükanlara isleg ýokdur” diýmegem mümkin. Emma Aşgabatly 34 ýaşly telekeçi Batyryň aýtmagyna görä, täze gurlan awtobus duralgalaryndaky söwda nokatlarynda öz dükanlaryny açmaga isleg bildirýänler az däl. Batyr bu hakda şeýle diýýär: “Meniň özüm birnäçe gezek häkimlige ýüz tutup gördüm. Emma hiç hili netije bolmady. Olar bu dükanlaryň diňe gazet-žurnal satýan kiosk hökmünde ulanyljakdygyny aýtdylar”.

Batyryň aýtmagyna görä, gazet-žurnalyň söwdasy hem o diýen geçginli däl. Şol duralgalaryň birindäki gazet-žurnal satýan kioskyň satyjysynyň Azatlyk Radiosyna beren gürrüňi hem Batyryň bu pikirini tassyklaýar. “Günde 10-15 sany gazet satýaryn, ondan köp alynmaýaram” diýip, duralgalaryň birindäki kiosgyň satyjysy özara söhbetdeşlikde aýtdy.

Bu satyjynyň gazet-žurnal kioskynda diňe Türkmenistanda çap edilen neşirleri tapyp bolýar. Onuň aýtmagyna görä, satýan “harytlarynyň” o diýen geçginli bolmazlygynyň bir sebäbi hem adamlaryň türkmen gazet-žurnallaryny okamaýanlyklaryndan.

Kommersiýa dükanlary

90-njy ýyllarda paýtagtda awtobus duralgalarynyň ýanynda ýerleşýän kommersiýa dükanlarynyň sany az däldi. Olaryň ählisinde kommersiýa dükanlaryna mahsus bolan haryt assortimenti bardy, nyrhlaram elýeterlidi. Olaryň ýerleşýän ýeri bolsa, müşderiler üçinem, telekeçiler üçinem örän amatly söwda nokady diýlip hasaplanýardy.

Emma 2000-nji ýyllaryň başynda paýtagtdaky kommersiýa budkalary “şäheriň gözelligine zeper ýetirýär” diýen sebäp bilen aýrylansoň, häzir şäheriň köçeleriniň ugrunda kommersiýa dükanlary ýok diýen ýaly. Ýöne ýurduň beýleki şäherlerinde awtobus duralgalarynda söwda nokadyny ýerleşdirmek praktikasy bar. Mysal üçin, Balkanabat şäherindäki awtobus duralgalarynyň käbirlerinde söwda nokatlary ýerleşdirilipdir. Daşoguz welaýatynda hem şeýle duralga-dükanlaryna duş gelmek bolýar.

Emma Aşgabatdaky täze awtobus duralgalarynda ýörite dükan açmaga niýetlenilen söwda nokatlarynyň boş ýatmagynyň sebäpleri barada doly maglumat tapyp bolmady. Ýöne bir zat belli: Aşgabadyň uly köçelerinde goýlan täze awtobus duralgalaryndaky boş duran dükanlar häzire çenli bähbitli söwda nokadyna, halk üçin goşmaça girdeji çeşmesine öwrülip barmaýar.

Käbir telekeçiler bu problemanyň çözgüdiniň kyn däldigini, bu duralgalardaky dükanlaryň telekeçilere kireýne berlen halatynda, alyjylara-da, satyjylara-da bähbitli boljakdygyny, döwlete bolsa şol dükanlardan goşmaça girdejiniň geljekdigini aýdýarlar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG