Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

On bir döwlet Siriýanyň ilçilerini kowýar


Prezident Başar al-Assad (S) we BMG-niň hem-de Arap Ligasynyň wekili Kofi Annan, Damask, 29-njy maý, 2012
Prezident Başar al-Assad (S) we BMG-niň hem-de Arap Ligasynyň wekili Kofi Annan, Damask, 29-njy maý, 2012
Britaniýanyň daşary işler ministri William Heýg öz ýurdunyň we beýleki ýedi ýurduň siriýaly diplomatlary ýurtlaryndan çykarmak kararyna gelendiklerini aýdýar. Bu karar Siriýada parahat ilatdan adamlaryň öldürilmegine, şol sanda Houla obasynda azyndan 108 adamyň gyrgyna berilmegine protest hökmünde bu ýurtlar tarapyndan bilelikde kabul edildi.

Bu karara gelenleriň arasynda Birleşen Ştatlar, Fransiýa, Germaniýa, Ispaniýa, Italiýa, Türkiýe, Ýaponiýa, Kanada we Awstraliýa bar.

Heýg diplomatlary çykarmak baradaky kararyň 25-nji maýda Houladaky gyrgynçylykdan soň Damaska garşy güýçlenýän halkara basyşyň bir bölegidigini aýtdy.

​“Elbetde, biz basyş etmekligiň başga görnüşlerini hem gözläris. Biz Ýewropa Bileleşiginde Siriýa garşy sanksiýalary mundan beýläk hem güýçlendirmek barada maslahat edýäris. Men düýn Orsýete baranymda hem bu barada maslahat etdim. Biz režime garşy halkara basyşyny güýçlendirmegi dowam etdirmäge çalyşarys” diýip, Heýg aýtdy.

BMG-niň synçylary tassyklaýar

BMG-niň synçylary tank we top oklarynyň peşeňleriniň, şeýle hem tankyň ýörän ýolundaky täze yzlaryň bolmagy Houla obasyna Siriýa hökümetiniň ok ýagdyrandygyny aýdyň alamatlandyrýar diýýärler.

Ýöne BMG-niň synçylary birnäçe aýaly we çagany ýakyn aralykdan pyçaklap we atyp öldürenleriň kimdigini tassyklap bilmändiklerini aýdýarlar.

BMG-niň Adam hukuklary boýunça ýokary komissarlygynyň sözçüsi Rupert Kolwill gyrgynçylygyň pidalarynyň aglabasynyň Houla obasynyň Taldo ilatly punktynda aýry-aýrylykda ýüz beren iki wakada öldürilendigini aýdýar.

BMG-niň we Arap Ligasynyň ýörite wekili Kofi Annan, Damask, 29-njy maý, 2012
BMG-niň we Arap Ligasynyň ýörite wekili Kofi Annan, Damask, 29-njy maý, 2012
“Tanklar we toplar arkaly 12 sagatlap ýagdyrylan oklardan ölenleriň sany onçakly köp däl. Olaryň köpüsi ýaraglanan adamlar tarapyndan öýlerinde öldürilen erkekler, aýallar we çagalar” diýip, Kolwill nygtady.

Şaýatlar we oppozisiýa aktiwistleri sünnileriň agdyklyk edýän obasynda ýörite öýme-öý aýlanyp edilen gyrgynçylygy Assadyň režiminiň tarapdary bolan alawy söweşijileriniň amala aşyrandygyny aýdýarlar.

Aglabasy alawylardan ybarat Assadyň režimi bolsa sünni aýallary we çagalary sünni oppozisiýa söweşijileri öldürdi diýýär.

Sişenbe güni BMG-niň we Arap Ligasynyň ýörite wekili Kofi Annan Assad bilen Damaskda duşuşdy we alty punktdan ybarat planynyň ýerine ýetirilmegini öňe sürdi.

Damaskdaky gepleşikler

​Duşenbe güni Damaska baryp eden çykyşynda Kofi Annan bu gyrgynçylygy “çuňňur yz galdyrjak aýylganç ýagdaý” diýip atlandyrdy we günäkärleriň jogapkärçilige çekilmelidigini aýtdy.

Uzak wagtlap Assadyň režimini goldap gelen Orsýet we Hytaý ýekşenbe güni BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň Houlada Siriýa goşunynyň agyr ýarag ulanmagyny ýazgaryp ýaýradan beýanatyny goldady.

Soňky aýlarda Moskwa Siriýanyň režimine tankydy göz bilen garap başlady.

Eýran Assadyň režimini goldamakda berk pozisiýasyny saklaýar.
XS
SM
MD
LG