Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Britaniýanyň Ýokary sudy Assanja garşy karar çykardy


Çarşenbe güni Britaniýanyň Ýokary sudy “Wikileaks” saýtyny esaslandyryjy Julian Assanjyň aýal maşagala jynsy taýdan el gatmakda bildirilýän aýyplama boýunça Şwesiýa ekstradisiýa edilip bilinjekdigi barada karar çykardy.

Mundan ozal Britaniýanyň aşaky sudlarynyň ikisi-de Julian Assanjyň Şwesiýa ekstradisiýa edilmelidigi barada höküm çykarypdylar.

Awstraliýanyň raýaty Julian Assanjyň esaslandyran “WikiLeaks” saýty 2010-njy ýylda ABŞ-nyň diplomatik çeşmelerine degişli gizlin hatlary internet arkaly ýaýradanda, bu resmi Waşingtonda uly nägilelik döredipdi. Şol ýylyň dekabrynda bolsa, ol Şwesiýada iki sany aýal maşagala jynsy taýdan el gatanlykda aýyplanyp, Britaniýada öý tussaglygyna alnypdy.

Bu bildirilýän aýyplamalary ret edýän Julian Assanj özüniň Şwesiýa ekstradisiýa edilen halatynda, Şwesiýanyň häkimiýetleriniň özüni Birleşen Ştatlara tabşyrmaklarynyň mümkindigini aýdyp, muňa alada bildirýär. Onuň indi adam hukuklary boýunça Strasburg suduna ýüz tutmagynyň mümkindigi aýdylýar.
XS
SM
MD
LG