Sepleriň elýeterliligi

Orsýet Siriýa garşy daşardan harby çäre görülmegine garşy çykýar


Çarşenbe güni Orsýetiň daşary işler ministriniň orunbasary Gennadiý Gatilow Siriýadaky konfliktleriň daşardan harby ýollar arkaly çözülmegine Moskwanyň bütinleý garşydygyny nygtady.

Şeýle hem, ol geçen hepdäniň ahyrynda Houla şäherinde 108 adamyň, şol sanda onlarça çaganyň ölümine getiren hüjümler bilen baglanyşykly BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň täze çäreleri planlaşdyrmagynyň howlukmaçlyk boljakdygyny öňe sürdi.

Siriýadaky bu ganly waka protest bildirip, sişenbe güni Ýewropanyň birnäçe döwleti, şeýle hem Amerikanyň Birleşen Ştatlary we Ýaponiýa hem Siriýanyň ilçilerinden ýurtdan çykmaklygy talap etdi.
XS
SM
MD
LG