Sepleriň elýeterliligi

Baku-Tbilisi-Jeýhan gazgeçirijiniň ugrunda partlama döredi


Çarşenbe güni “BP-Azerbaýjan” energiýa kompaniýasy Baku-Tbilisi-Jeýhan gaz geçirijisiniň ugrunda ýüze çykan partlama sebäpli Türkiýä akdyrylýan gazyň wagtlaýynça baglanandygyny habar berdi.

Habar agentlikleriniň maglumatyna görä, gazgeçirijiniň ugrundaky bu partlama sişenbe güni giçlik Türkiýäniň Sarikamis obasynyň golaýynda ýüze çykypdyr.

Partlama nämäniň sebäp bolandygy barada häzirlikçe anyk bir garaýyş öňe sürülmeýär.
XS
SM
MD
LG