Sepleriň elýeterliligi

Aşgabatda GDA-nyň hökümet ýolbaşçylarynyň maslahaty açyldy


Çarşenbe güni Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda GDA döwletleriniň hökümet ýolbaşçylarynyň ýörite maslahaty açyldy.

Bu maslahatda GDA döwletleriniň söwda-ykdysady, tehnologiýa, agrosenagat we medeni-gumanitar pudaklardaky özara hyzmatdaşlyklaryny ösdürmek meseleleri barada maslahat ediljekdigi habar berilýär.

Bu maslahatyň öňýany, sişenbe güni prezident G.Berdimuhamedow GDA-nyň Ispolnitel Komitetiniň başlygy Sergeý Lebedew bilen duşuşyp, bu maslahatyň gün tertibi barada özara pikir alyşdy.

Şeýle hem, sişenbe güni prezident G.Berdimuhamedow Aşgabatdaky maslahata gatnaşmak üçin Türkmenistanyň paýtagtyna baran GAD agza ýurtlaryň hökümet ýolbaşçylary bilen aýry-aýrylykda duşuşdy.
XS
SM
MD
LG