Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Romni Tehasdaky saýlawda dalaşgärligi berçinledi


Respublikanlardan prezidentlige dalaşgär Mit Romni Las Wegasdaky ýerli kärhanlaryň birinde goldawçylarynyň öňünde çykyş edýär. 29-njy maý, 2012.
Respublikanlardan prezidentlige dalaşgär Mit Romni Las Wegasdaky ýerli kärhanlaryň birinde goldawçylarynyň öňünde çykyş edýär. 29-njy maý, 2012.
Mit Romni 29-njy maýda Tehasda respublikanlaryň arasynda geçirilýän kandidat bäsleşiginde öz partiýasynyň kandidatlygyna hödürlenmek üçin ýeterlik delegat gazanyp, ýeňiji boldy.

“Amerikanlaryň ýurduň çar künjeginden kandidatlygyma goldaw bildirmegi meniň üçin uly hormat we özümiň Respublika partiýasynyň 2012-nji ýyl üçin prezidentlige kandidaty bolmaga ýeterlik delegat gazanmagym meni sadyk bir hala saldy” diýip, Romni öz beýanatynda aýtdy.

Metbugat habarlarynda Massaçusetsiň öňki gubernatorynyň Tehasdaky kandidat saýlawlarynda sesleriň 70 prosentden gowragyny alandygy, ýagny prezidentlige kandidat bolmaga gerek 1144 delegaty toplamak üçin Tehasda 155 delegatyň goldawyny gazanandygy aýdylýar.

Ron Pol we beýlekiler

Tehasly amerikan kongresmeni Ron Poluň öz dogduk ştatynda 10 prosent, katolik konserwatiwi Rik Santorumyň 7 prosent, Wekiller öýüniň ozalky spikeri Niýut Gingriçiň 5 prosent goldaw alandygy aýdylýar.

Respublikanlardan prezidentlige kandidat bolmak üçin dört ýyl öň geçirilen bäsleşikde üstünlik gazanyp bilmedik Romni, beýleki respublikan dalaşgärleriň köpüsiniň bäsleşikden çekilenligi sebäpli, soňky birnäçe hepdede esasy çaklanýan kandidat boldy.

Delegatlar Romnini kandidatlyga formal taýdan awgust aýynda, Respublika partiýasynyň Tampada, Floridada geçjek milli gurultaýynda görkezmekçi bolýarlar.

Ol noýabrda geçjek saýlawlarda Barak Obama bilen Ak tam ugrunda bäsleşige çykar.

Başa-baş göreşe taýýarlyk

Romni häzir Obama bilen başa-baş göreşdäki pozisiýasyny berkitmek üçin, wise-prezidentlige kandidaty seçip almakdan başlap, häzirki prezidentiň hötdesinden gelmedik gowuşgynsyz ykdysadyýetini janlandyrmaga dahylly işlere cenli öz içine alýan uzyn sanaw düzmeli.

Emma gozgalmaýan emläk tütjary Donald Trampyň prezident Obamanyň doglan ýeri barada aýdylýan dawaly zatlary gaýtadan gozgamagy onuň kandidatlyk dabarasyna kölege saldy.

Ses berişlik soňlanandan soň, Romni Las Wegasda biraz öň Obamanyň Birleşen Ştatlarda doglandygyna edilýän şübhäniň henizem saklanyp galýandygyny aýdan Tramp bilen serişde toplamak çäresine gatnaşdy.

Obamanyň kampaniýa menejeriniň orunbasary Stefani Katter Romnini Tramp bilen öňe çykany üçin “ahlak liderliginiň” ýoklugynda aýyplady.
XS
SM
MD
LG