Sepleriň elýeterliligi

Hytaý: türkmen studentlerine bilet gerek


Şu günki gün “Türkmenhowaýollary” Türkmenistandan başga ýurtlara gatnaýan uçarlaryna satýan biletleriniň esasy bölegini açyk möhletli satýar.

Şu günki gün “Türkmenhowaýollary” Türkmenistandan başga ýurtlara gatnaýan uçarlaryna satýan biletleriniň esasy bölegini açyk möhletli satýar.

Hytaýda okaýan türkmen studentleriniň ençemesi tomusky dynç alyşda Türkmenistana dolanmak üçin uçar biletlerine möhlet goýdurmakda kynçylyk çekýär. Emma “Türkmenhowaýollary” tomus aýlary üçin biznes klas biletleriniň, iýun aýy üçin bolsa tygşyt klas biletleriniň hem bardygyny aýdýar.

“Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň howa gatnawlarynyň baş gullugyndan ilki başda alnan informasiýa görä, tomus aýlary üçin Pekin-Aşgabat uçar biletleri satylyp gutarypdyr. Emma gulluk biraz soňra iýun aýynyň 16-sy üçin Pekin-Aşgabat uçar reýsine tygşyt klas biletleriniň ýeterlik möçberde bardygyny tassyklady.

Hytaýda okaýan türkmenistanly studentleriň sany barada resmi statistika elýeterli däl. Emma garaşsyz çeşmeleriň berýän maglumatlaryna görä, häzir olaryň sany müňe golaýlan bolmaly. Olaryň 300-e golaýynyň döwlet tarapyndan iberilendigi, galanlarynyň bolsa öz hasaplaryna okaýandygy aýdylýar.

“Türkmenhowaýollary” kompaniýasynyň Pekin-Aşgabat uçar reýsleri hepdede iki gezek – hepdäniň şenbe we ýekşenbe günleri üçin gurnalan. Ol “Boeing” 757-200 kysymly uçar arkaly amala aşyrylýar. Bu uçaryň biznes klasy 16, tygşyt klasy bolsa 170-den gowrak ýolagça niýetlenen.

Azatlyk Radiosyna gowşan maglumata görä, Pekinden beýleki şäherlerde okaýan türkmen studentleri “Türkmenhowaýollarynyň” Pekindäki bölümine jaň edenlerinde, olara iýun aýynyň aýagyndan awgust aýyna çenli reýsleriň dolandygy aýdylypdyr. Awgust aýynyň ahyrynda bolsa studentleriň täze okuw ýylyna taýýarlyk işleri başlanýar. Tomus aýylary üçin Pekin-Aşgabat goşmaça uçar reýsleri barada häzirlikçe maglumat ýok.

Özüni Jemile diýip tanyşdyran 20 ýaşly türkmen studenti Hytaýyň uniwersitetleriniň birinde okaýar. Ol nebit-gaz ugry boýunça bilim alýar we häzir okuwynyň ikinji kursuny tamamlaýar. Jemile tomusky dynç alyş döwründe Türkmenistana – öz öýlerine dolanmak üçin biletsiz kösenýän studentleriň biri.

“Iýunyň aýagyndan awgust aýynyň başyna çenli biletler ýok diýdiler. Soň “Türkmenhowaýollarynyň” Pekindäki edarasyna ýüzlendik. Olar hem belli jogap bermediler. Goşmaça reýs boljagyna umyt baglaýarys” diýip, Hytaýda okaýan türkmen studenti Jemile Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Ilkinji gezek däl

Daşary ýurtlarda okaýan türkmen studentleriniň tomusky dynç alyş döwründe özlerinde bar bolan açyk möhletli uçar biletlerine möhlet basdyrmaklaryndaky kynçylyk mundan öňki ýyllarda hem ýüze çykypdy. Bu ýagdaý esasan Orsýetde, Hytaýda we GDA ýurtlarynda ýokary bilim alýan türkmen studentlerine degişli.

“Türkmenhowaýollarynyň” Minsk-Aşgabat adaty uçar reýsi hepdäniň şenbe güni üçin gurnalan. Kompaniýanyň berýän maglumatyna görä, iýun we iýul aýlarynda oňa goşmaça üç reýs girizilipdir. Belarusda okaýan türkmen studentleriniň sanynyň 6 müňe golaýdygy aýdylýar. Şonça türkmen studentiniň okaýan ýeri bolan Ukrainada bolsa Kiýew-Aşgabat reýsleri hepdede iki gezek gurnalan. Bu ýurtdan tomus aýlary üçin goşmaça uçar reýsleri barada hem maglumat ýok.

Dünýäniň birnäçe iri şäherlerine göni reýsleri ýerine ýetirýän we 30-dan gowrak ýurda çarter uçuşlaryny amala aşyrýan “Türkmenhowaýollary” döwlet howa-aragatnaşyk kompaniýasynda internet arkaly bilet satyn almak ýa bronlamak düzgüni häzirlikçe ýola goýulmady. Kompaniýanyň internet saýtynda hem bu usul işlemeýär.

Şu günki gün kompaniýa Türkmenistandan başga ýurtlara gatnaýan uçarlaryna satýan biletleriniň esasy bölegini açyk möhletli satýar. Biletlere uçuş wagtyny goýdurmak üçin, ýolagçylar kompaniýanyň daşary ýurtlaryň paýtagtlarynda we beýleki uly şäherlerinde ýerleşýän kassalaryna barmaly bolýarlar. Bu ýagdaý uzak we kiçi şäherlerde okaýan türkmen studentlerine goşmaça kynçylyklary döredýär diýlip, habar berilýär.

Şeýlelikde, türkmen telekeçileriniň iň köp gatnaýan ýurtlarynyň biri bolan Hytaýda okaýan müňe golaý türkmen studentiniň ençemesiniň tomusky dynç alyşda öýlerine dolanyp bilmekleri “Türkmenhowaýollarynyň” goşmaça uçar reýslerine ýa-da adaty reýsler üçin bar bolan biletleri studentlere elýeterli etmeklerine bagly bolmagynda galýar. Ene-atalaryň gözleri ýolda, studentler bolsa hoş habara garaşýarlar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG