Sepleriň elýeterliligi

Bakuda “Ýewrowideniýe” festiwalyna ediljek hüjümiň öňi alnypdyr


Azerbaýjanyň Milli Howpsuzlyk Ministrligi ýakynda Bakuda geçirilen halkara “Ýewrowideniýe” aýdym-saz festiwaly wagtynda birnäçe terror hüjüminiň öňüniň alnandygyny aýdýar.

Azerbaýjanyň resmileriniň tassyklamaklaryna görä, terrorçylar öz hüjümlerinden birini hut “Ýewrowideniýe” festiwalynyň geçýän köşgünde amala aşyrmaklygy planlaşdyrypyrlar.

Maglumata görä, hüjümleriň öňüni almak boýunça geçirilen howpsuzlyk operasiýalarynda 40 töweregi adam tussag edilip, köpsanly ýaraglar konfiskasiýa edilipdir.

Bu terror toparyna ýakyn wagtlara çenli asly azerbaýjanly Wugar Padarowyň ýolbaşçylyk edip gelendigi aýdylýar. Geçen aprel aýynda Wugar Padarowyň ýurduň Genje şäherinde geçirilen operasiýada öldürilendigi habar berlipdi.
XS
SM
MD
LG