Sepleriň elýeterliligi

Nazarbaýew sosial setleri ýalan maglumat ýaýratmakda aýyplady


Çarşenbe güni Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýew sosial setleri ýalan maglumat ýaýratmakda we zorluklary hem-de ýaramazlyklary propogandirlemekde aýyplap çykyş etdi.

Astanada dünýäniň tradision dinleriniň dördünji Kongresinde eden bu çykyşynda ol internetdäki sosial setleriň hakyky an-bilim ýaýratmaklygyň ýerine, köplenç, ýalan maglumat dökýändiklerini we jemgyýetde bölünişikleri döredýändiklerini öňe sürdi.

Şu ýylyň aprelinde Orsýetiň “Rossiýa-24” telekanalyna beren interwýusynda hem Nazarbaýew günbatar ýurtlary öz gymmatlyklaryny sosial setleriň we maglumat tehnologiýasynyň üsti bilen beýleki ýurtlaryň boýnuna dakmaklykda tankytlapdy.
XS
SM
MD
LG