Sepleriň elýeterliligi

Owgan ýaşlary iki arada galýarlar


Owganystanyň Bilim ministrliginiň berýän maglumatyna görä, şu ýyl ýokary okuw jaýlaryna girmek üçin synaga gatnaşan 147 müň dalaşgärden diňe 40 müňe golaýy okuwa girmegi başarypdyr.

Owganystanyň Bilim ministrliginiň berýän maglumatyna görä, şu ýyl ýokary okuw jaýlaryna girmek üçin synaga gatnaşan 147 müň dalaşgärden diňe 40 müňe golaýy okuwa girmegi başarypdyr.

Owganystanyň resmileri durmuş şertlerinden närazy ýetginjekleriň “Talyplaryň” hataryna goşulmagyndan öňden hem howatyr edip gelýärdiler. Garyplyk, işsizlik, üstesine-de bilimden özgelikde saklanýandyklary baradaky duýgy eýýäm köpleriň çyzykdan geçmegine sebäp boldy.

Owganystanyň hökümeti soňky on ýylyň dowamynda ýurtda amala aşyrylan işleriň arasynda iň görnüklileriniň biriniň ýurduň bilim sistemasynyň dikeldilmegidigini aýdýar.

Göze ilýän özgermelere garamazdan, bu ugurda käbir howatyrly alamatlar hem ýok däl. Bir tarapdan bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegi bilen adamlara mümkinçilikleriň açyljakdygy baradaky umyt puja çykan bolsa, beýleki bir tarapdan, bilim ulgamyndaky ýetmezçilikler ekstremistleriň öz sanlaryny artdyrmagyna ýol açdy.

Owgan hökümeti turuwbaşdan ylym-bilim bilen garyplygyň we radikalizmiň soňuna çykyljakdygyny öňe sürüpdi. Hökümet çagalaryň okuwlara ugradyljakdygy, uniwersitetleriň bina ediljekdigi, iş ýerleriniň dörediljekdigi baradaky planlary hödürläpdi. Emma mekdebi gutaran owganlylaryň öňünde uniwersitet we iş mümkinçilikleri açylyp baranok.

Hukuk boýunça owgan professory Wadir Safi bu ýagdaýlarda ýaşlaryň juda kyn hala düşýändigini aýdýar. Safi umydy üzülen ýaşlaryň “Talyplaryň” hataryna goşulmagyny geň görmeli däldigini duýdurýar. Onuň sözlerine görä, köp halatlarda ýaşlar “Talyplaryň” arasynda has “gowy durmuşda” ýaşaýarlar.

“Okuwa girip bilmedik we işsiz galan ýaşlaryň saýlap aljak ýoly çäkli. Hökümetiň iş orunlaryny döretmäge meýli-de ýok. Bu ýagdaýlara gazaply ýaşlar söweşijileriň hataryna meýletin goşulýarlar. Olar hökümetiň kömek etmejekdigine düşünip, söweşijileriň tarapyna geçýärler” diýip, Safi aýdýar.

Mekdepden soňky durmuş

Kabul Uniwersitetiniň syýasy ylymlar boýunça professory Najib Mahmudyň bellemegine görä, soňky on ýylyň dowamynda täze açylan müňlerçe mekdeplerden millionlarça okuwçy uçurym bolupdyr. Ýöne hökümet başlangyç bilimiň aladasyny eden bolsa-da, ýaşlaryň mundan soňraky durmuşy barada pikir etmändir.

Mahmud bu ýyllarda diňe birnäçe uniwersitetiň gurlandygyny aýdýar: “Geçen 10 ýylyň dowamynda owgan hökümeti diňe bir başlangyç bilime üns bermän, eýsem ýurduň her bir welaýatynda, esasan hem durnuksyz diýilýän sebitlerde uniwersitetleri açmalydy. Eger bu edilen bolsa, onda bilimli-ylymly adamlar dörärdi. Biziň çagalarymyz hem “Talyban” hereketine goşulmazdy”.

Bilim sistemasyndaky korrupsiýa hem ýaşlaryň ugur saýlap almakdaky ikirjiňlenmelerine sebäp bolýan goşmaça kynçylyk.

Owganystanyň Zabul welaýtynyň ýaşaýjysy, ýaňy mekdebi gutaran Abdul Wali şu ýylky ýokary okuw jaýlaryna giriş synaglarynda korrupsiýanyň bolandygy baradaky gep-gürrüňleri ýatlaýar. Waliniň aýtmagyna görä, onuň köp tanyşlarynyň talap edilýän baly alandygyna garamazdan, olar okuwa alynmandyr.

“Şu sapar juda köp adam uniwersitetleriň giriş ekzamenlerine gatnaşdy. Diňe sanlyja adam girip, galany yzyna ugradyldy. Okuwa girip bilmedikler şondan soň “Talybanyň” hataryna goşulýar. Olaryň arasynda meniň köp dostlarym hem bar. Indi olar “Talyplar” bilen egin-egne berip, hökümete garşy göreşýärler” diýip, Wali aýdýar.

Owganystanyň Bilim ministrliginiň berýän maglumatyna görä, şu ýyl ýokary okuw jaýlaryna girmek üçin synaga gatnaşan 147 müň dalaşgärden diňe 40 müňe golaýy okuwa girmegi başarypdyr.
XS
SM
MD
LG