Sepleriň elýeterliligi

Täjik parlamenti töhmet atmaklygyň jezasyny ýeňilleşdirmekçi


Penşenbe güni Täjigistanyň parlamentiniň aşaky palatasy adama töhmet atmaklygy jenaýat diýip häsiýetlendirýän maddany ýatyrmak hem-de ony administratiw etmiş diýip hasaplamak baradaky täze kanuny taslamany goldap ses berdi.

Bu kanun doly tassyklanan halatynda, Täjigistanda töhmet atmakda aýyplanýan žurnalistler hem mundan beýläk jenaýat jogapkärçiligine däl-de, administratiw jogapkärçilige çekilerler.

Administratiw jogapkärçilik, adatça, türme tussaglygyny däl-de, jerime temmisini göz öňünde tutýar. Täjigistanyň häzirki bar bolan kanunynda töhmet atmaklyk üçin türme tussaglygy göz öňünde tutulýar.

Parlamentiň aşaky palatasynda garalan penşenbe günki kanuny proýekte indi parlamentiň ýokarky palatasynda garalar. Ondan soň oňa ýurduň prezidenti gol çekmeli.
XS
SM
MD
LG