Sepleriň elýeterliligi

Gazak-hytaý serhet ýakasynda 12 sany serhetçi öli tapyldy


Penşenbe güni Gazagystanyň häkimiýetleri gazak-hytaý serhet ýakasynda otlanan bir barlag punktundan gazagystanly 12 sany serhetçiniň hem-de bir tokaý sakçysynyň jesediniň tapylandygyny habar berdiler.

Bu ýüze çykan ýangynyň we serhetçileriň ölüminiň sebäbi barada häzirlikçe anyk bir garaýyş öňe sürülmeýär.

Adynyň tutulmagyny islemedik hökümet çeşmeleri şol ýerde gulluk alyp barýan üç sany esgerden habar-hatyryň ýokdugyny mälim etdiler.

Gazagystanyň mediasy bu ölen serhetçileriň ýaraglarynyň-da ýitirim bolandygyny habar berýär. Ýurduň Milli howpsuzlyk komiteti bu waka boýunça derňew işleriniň ýola goýlandygyny mälim etdi.
XS
SM
MD
LG