Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezident Putin özüniň ilkinji döwlet sapary bilen Belarusa bardy


Penşenbe güni Orsýetiň täze saýlanan prezidenti Wladimir Putin bu wezipede özüniň ilkinji döwlet sapary bilen Belarusa bardy. Ondan soň ol Germaniýa we Fransiýa barmaklygy planlaşdyrýar.

Wladimir Putiniň öz ilkinji saparyny Belarusa amala aşyrmagynyň sebäbi bu ýurtda Orsýetiň saklanyp gelýän güýçli täsiri bilen düşündirilýär.

Germaniýa bilen Fransiýa bolsa Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlaryň arasynda Orsýetiň iň bir esasy ykysady partnýorlary hasaplanylýar.

Öz saparynyň barşynda Putin bu ýurtlaryň döwlet liderleri bilen özara hyzmatdaşlyklary mundan beýläk has-da ösdürmek meseleleri barada maslahat eder diýlip garaşylýar.
XS
SM
MD
LG