Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Berdimuhamedow Orsýetiň premýer-ministri bilen gepleşik geçirdi


Çarşenbe güni Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda Orsýetiň premýer-ministri Dmitriý Medwedew bilen gepleşik geçirdi.

Dmitriý Medwedew Aşgabada GDA döwletleriniň hökümet ýolbaşçylarynyň maslahatyna gatnaşmak maksady bilen barypdy.

G.Berdimuhamedow bilen D.Medwedew özara gepleşikde Türkmenistan bilen Orsýetiň hyzmatdaşlyklarynyň möhüm ugurlary barada pikir alyşdylar.

Duşuşykda inwestisiýa, agrosenagat, ylym we tehnika, sport we medeniýet boýunça hyzmatdaşlyklary ösdürmek meseleleriniň-de aýratyn üns merkezinde bolandygy habar berilýär.
XS
SM
MD
LG