Sepleriň elýeterliligi

Orsýet: täze kanun taslamasynyň gohy uly


Moskwada 31-nji maýda geçirilen demonstrasiýa gatnaşan aktiwistlerden biri söz we ýygnak azatlygyna girizilýän çäklendirmelere protest bildirýär. Moskwa, 31-nji maý, 2012.

Moskwada 31-nji maýda geçirilen demonstrasiýa gatnaşan aktiwistlerden biri söz we ýygnak azatlygyna girizilýän çäklendirmelere protest bildirýär. Moskwa, 31-nji maý, 2012.

Penşenbe güni Orsýetiň parlamentiniň Konstitusion kanunçylyk we döwlet gurluşy baradaky Komiteti demonstrasiýalar baradaky kanuna täze üýtgetmeleri girizmekligi oňlady.

Bu kanuna girizmekligi göz öňünde tutulan ozalbaşky üýtgetmelerde demonstrasiýalar baradaky kanunyň bozulan halatynda 1.5 million rubla, ýagny 48 müň dollara çenli jerime salmaklyk göz öňünde tutulypdy.

Ýöne taslamanyň häzirki wariantynda bu jerimäniň möçberi 500 müň rubla, ýagny 15 müň 390 dollara getirildi.

Kanuna girizilmekçi bolunýan bu üýtgetmelerde köçede gurnalýan ýygnanyşyklar döwlet emlägine nähilidir bir zyýan ýetirende ýa-da ulaglaryň hereketinde bowşeňlik döredende-de, jerime göz öňünde tutulýar.

Şeýle hem, bu täze üýtgetmelere görä, demonstrasiýalara gatnaşýan adamlaryň ýüzlerini ýapmaklaryna ýa-da maska geýmeklerine-de ýol berilmeýär.

Hatda adamlaryň ýüzüne operasiýa arkaly edilen üýtgetmeler we yslam dini boýunça geýilýän ýüz örtgüler hem rugsat berilmeýän zatlaryň hatarynda goýulýar.

“Ýedinaýa Rossiýa” öňe sürýär

Orsýetiň parlamentindäki oppozision deputatlar Orsýetiň dolandyryjy “Ýedinaýa Rossiýa” partiýasy tarapyndan öňe sürülýän bu üýtgetmeleriň kanuna girizilen halatynda, munuň Orsýetde hökümete garşy ýörişleri bütinleý gadagan bir zada öwürjekdigini aýdýarlar.

Kanuna girizilmekçi bolunýan üýtgetmelerde hatda internetiň üsti bilen başgalary ýörişlere çagyran adamlara-da ýa-da hususy üýşmeleňlerde syýasy şygarlary aýdan adamlara-da uly jerime salmaklyk göz öňünde tutulýar.

Bu öňe sürülýän üýtgetmeleriň tankytçylary häzirki göz öňünde tutulýan kanuny taslamanyň Orsýetde onsuz hem ysgyndan düşürilen oppozisiýany has-da jylawlamaklygy maksat edinýändigini aýdýarlar.

Ýygnaklar we demonstrasiýalar baradaky kanuna girizilmekçi bolunýan bu üýtgetmeler 5-nji iýunda Dumadaky ikilenji okaýyşlykda sese goýular diýlip garaşylýar.
XS
SM
MD
LG