Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azerbaýjan banklarda pullary köýenlere kompensasiýa tölemekçi


Anna güni Azerbaýjanyň maliýe ministri Samir Şarifow Sowet Soýuzynyň dargamagynyň yzýany Tygşytlaýyş banklarynda pullary köýen azerbaýjanlylara kompensasiýa tölenjekdigini mälim etdi.

Ol şu maksat bilen ýurduň hökümetiniň ýörite programmany ýola goýandygyny aýtdy.

Maliýe ministri Şarifowyň aýtmagyna görä, Azerbaýjanyň Tygşytlaýyş banklarynyň ozalky müşderileri bolan 2 million 400 müňe golaý adama jemi 1 milliard manada golaý, ýagny 1.27 milliard dollara golaý kompensasiýa tölener.

Onuň sözlerine görä, Tygşytlaýyş banklarynda pullary köýen bu adamlara kompensasiýa tölemek çäresi 2013-nji ýylyň ahyryna çenli geçiriler.
XS
SM
MD
LG