Sepleriň elýeterliligi

Gazak-hytaý serhet ýakasynda ýene-de iki esgeriň jesedi tapyldy


Anna güni Gazagystanyň häkimiýetleri gazak-hytaý serhet ýakasynda ýene-de iki sany serhetçiniň jesediniň tapylandygyny habar berdiler.

Şeýlelikde, şol ýerdäki serhet postunyň töwereginde soňky iki günüň dowamynda tapylan jesetleriň sany 15-ä ýetdi. Olardan 14-si şol ýerde gulluk edýän serhetçiler we biri tokaý sakçysy.

Resmiler bu serhet postundaky bir esgerden henizem habar-hatyryň ýokdugyny aýdýarlar.

Hepdäniň çarşenbe güni gazak resmileri şol ýerdäki serhet postunyň ýakylandygyny we şol ýerden başda 12 esger bilen bir tokaý sakçysynyň jesediniň tapylandygyny habar beripdiler.

Ýöne resmiler bu wakanyň sebäpleri barada häzirlikçe anyk bir garaýşy öňe sürmeýärler.
XS
SM
MD
LG