Sepleriň elýeterliligi

Ukrainadaky partlamalarda güman edilýänler tussag edildi


Anna güni Ukrainanyň Baş prokuraturasynyň resmileri şu ýylyň aprelinde Dnepropetrowsk şäherinde amala aşyrylan partlamalarda güman bildirilýän dört adamyň tussag edilendigini habar berdiler.

Prokuraturanyň resmileri bu tussag edilenleriň ýerli raýatlardygyny mälim etdiler.

Maglumata görä, bu partlamalary gurnaýjylar ýene-de partlamalaryň amala aşyryljakdygy bilen haýbat atyp, häkimiýetlerden 4.5 million dollar pul berilmegini talap edipdirler.

27-nji aprelde Ukrainanyň Dnepropetrowsk şäherinde amala aşyrylan dört sany partlamada 31 adam ýaralanypdy.
XS
SM
MD
LG